Habarlar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi
8 Okt
Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi

2019-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de   1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenildi. Hatyra gününde geçirilen çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

Esasy çäre Aşgabatda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiz, Mejlisiň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýaşlar, köp sanly aşgabatlylar ýadygärliklere gül desselerini goýdular. 

Soňra hormatly Prezidentimiz we ýygnananlar «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka berilýän ýere ugradylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndan soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp aýat-töwir okaldy.