Habarlar

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça Beýannama kabul edildi
15 Awg
Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça Beýannama kabul edildi

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyň jemleri boýunça beýannama kabul edildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. 

Resminama Hazar ykdysady forumyny Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka şäherlerinde yzygiderli esasda geçirmegi teklip edýär. 

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze gatnaşyklaryň derejesine çykarmak üçin şertleri döredýän Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň orny nygtaldy.

Resminama laýyklykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň hem-de Ulag babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň kenarýaka döwletleriniň ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berýändigi ykrar edildi.

Beýannamada Hazar ykdysady forumynyň esasynyň (platformasynyň) sebitde hem-de onuň çäklerinden daşarda ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm görnüşine öwrülip biljekdigi bellenilýär, şunuň bilen baglylykda, söwda we maýa goýum syýasaty babatda mümkinçiligi giňeltmegiň hem-de Hazar sebitinde söwdanyň we maýa goýumlarynyň bähbitlerine eksport ibermeleri üçin söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň hem-de mümkinçilikleri artdyrmagyň zerurdygy nygtalýar.

Resminama Hazar sebitiniň ýurtlarynyň we ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda hususy pudagyň, assosiasiýalaryň we ylmy toparlaryň öňdebaryjy tejribäniň meseleleri hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi üpjün etmek üçin maksatlary amala aşyrmaga degişli çäreler boýunça işjeň gepleşikleri goldap biljekdigini ykrar edýär; şeýle hem, Hazar deňzinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň işjeň gatnaşmagynyň    hem-de ýardam bermeginiň wajypdygy bellenilýär.

Ýokarda beýan edilenleriň esasynda Hazar sebitiniň halkara ykdysady giňişligine mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagy maksady bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ädimleri ätmek; Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegi hem-de innowasiýalary höweslendirmek teklip edilýär.

Beýannamada durmuş-ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, ylym we innowasiýalar, ykdysady maglumatlary alyşmak ýaly ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üpjün etmek bellenilýär.