Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
29 Noý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin gümrük amallarynyň innowasiýalaryny höweslendirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary netijesinde döwlet gümrük gullugynyň işi yzygiderli ösdürilýär. Innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylygynyň we maddy-tehniki binýadynyň has-da kämilleşdirilmegi boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Gümrük kanunçylygy halkara kadalaryna esaslanýar. Türkmenistanyň Gümrük kodeksi Gümrük amallaryny sazlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek hakynda Kioto konwensiýasynyň talaplary bilen doly laýyk gelýär. 

Gümrük nokatlarynda harytlaryň çalt geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilen. Ähli gümrük nokatlary dünýäniň öňde baryjy öndürijileriniň önümi bolan  rentgen we beýleki gümrük barlag enjamlary bilen üpjün edilen. 

Häzirki zaman gümrük ulgamynyň döredilmeginiň ýene bir esasy şertleriniň biri maglumat tehnologiýasynyň toplumlaýyn ulanylmagydyr. Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmagyň gümrük edaralary üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny göz öňünde tutup Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda Utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny (ASYCUDA) ornaşdyrýar. 

Diňe soňky iki ýylyň içinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy goňşy döwletleriň gümrük gulluklary bilen maglumat alyşmak babatda iki taraplaýyn ylalaşyklary baglaşdy. Biz bu ugurda öňdebaryjy usulyýetleri we standartlary kabul edýäris we öz tejribämiz bilen paýlaşýarys. Döwrebaplaşdyrma boýunça kabul edilýän ähli çäreler BMG-niň agza döwletleri tarapyndan işlenip taýýarlanan Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmaga hem gönükdirilen.  

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň maksady 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň çäklerinde özara bähbitli ugurlarda Taraplaryň hyzmatdaşlygy üçin esasy üpjün etmekden ybaratdyr. Ähtnama laýyklykda gümrük işine innowasiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasynda maglumat alyşmak, öňünden deklarirlemegiň ulgamyny işe ornaşdyrmak, mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam bermek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ösdüriler.