News

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
27 Mar
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

2016-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary esasynda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň taslamalaryna garamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlament ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Ähli kanunçylyk taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleri, şeýle hem halkara-hukuk kadalary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar hem-de ýurdumyzyň  durmuş-ykdysady,  syýasy, ruhy-medeni ösüş maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Mejlisiň garamagyna garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan goldap we kabul edip, milli parlamentiň deputatlary bu möhüm resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirjekdigine, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady hem-de demokratik ösüşleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli hereket etmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.