Habar

Lebap welaýat gümrükhanasynda milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzyň abadan gelejegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy barada edýän aladalary üçin özleriniň ýürekden çykýan buýsanç sözlerini aýtdylar. Bütin halkymyza ajaýyp sowgat bolan gymmatly eseriň il-ýurduňa hyzmat etmegiň özboluşly bir nusgasydygyny aýratyn bellediler. 

Täze kitapda milli Liderimiziň daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ýaly ugurlardaky garaýyşlary bilen birlikde, berkarar Watanymyzy geljekde has-da gülledip ösdürmek boýunça öňe süren teklipleri bilen hem giňden tanyşsa bolýar. Garaşsyz Watanymyzyň häzirkizaman taryhyna çuňňur akyl ýetirilmegi, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň düýpli we çuňňur beletlik bilen seljerilmegi kitabyň tapawutly aýratynlygydyr.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly kitap häzirki zaman halkara durmuşynyň köpsanly çylşyrymly sowallaryna jogap bermek bilen birlikde Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan işlerinde ileri tutýan düýpli çemeleşmelerine, hereketleriň ählumumy ulgamyndaky ornuna, maksatlaryna we wezipelerine oňyn düşünmäge ýardam edýär.Täze neşiriň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan belent üstünliklerdir ýetilen sepgitleriň gyzykly we özüne çekiji beýanygyna hem üns çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen, 2021-nji ýylda, şeýle-de üstümizdäki taryhy ýylyň başynda iri halkara çärelerde sözlän çuň manyly sözleriniň, çykyşlarynyň, daşary döwletleriň habar beriş serişdelerine beren interwýularynyň  kitabyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýandygy bellenildi. Şu nukdaý nazardan seredeniňde milli Liderimiziň täze kitaby gümrük gullugynyň işgärleriniň ýürek buýsançlaryna buýsanç goşýar. Kitabyň rus we iňlis dillerine hem terjime edilendigi örän  begendirýär.

Tanyşdyryş dabarasynda gatnaşanlar milli Liderimize uzak ömür, berk jan-saglyk, döwletli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.