News

Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi
5 Apr
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi



2016-njy ýylyň 4-nji aprelinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň Aşgabatdaky agentlikleriniň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanan resminamanyň taslamasy Ministrler Kabinetiniň 1-nji aprelde bolan mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan makullandy.

Nobatdaky bäş ýyla niýetlenen täze resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. BMG-niň ýubileý sammitiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülen durnukly ösüş ýörelgeleri boýunça eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ählumumy ykdysadyýet we energetika, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa, gender deňeçerligi ýaly möhüm ugurlar boýunça birnäçe giň möçberli başlangyçlary, şeýle hem halkara gün tertibiniň beýleki birnäçe meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi.  Şunuň bilen baglylykda, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti BMG bilen özara gatnaşykda birnäçe bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlady. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wajyp ugurlardaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň başlangyçlary öňe sürüp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.