News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar maslahatyny geçirdi.
7 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar maslahatyny geçirdi.

2016-njy 6-njy aprelinde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýaşlar maslahaty geçirildi. Onda milli Liderimiz ýaş nesliň öňünde möhüm, jogapkärli we anyk wezipeleri goýdy, döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýasy babatda işiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Milli Liderimiz münbere çykyp we bu ýere ýygnananlara ýüzlenip söz sözledi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýaşlaryň orny bilen gönüden-göni bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge degişli wezipeler bilen tanyşdyrdy. 

Milli Liderimiz şu gün ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde durýan jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wezipeleri anyk kesgitledi. 

Indi ýaşlara döwlet Baştutanymyzyň taryhy maksatnamalaýyn çykyşyny çuňňur seljermek, her bir ugry jikme-jik we esasly işläp taýýarlamak hem-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegini ýaşlara ynanýan hormatly Prezidentimiziň ähli sargytlaryny we wesýetlerini mynasyp hereketleri bilen durmuşa geçirmek galýar.  

Elbetde, ýaşlar bu ynamy doly derejede ödemelidir hem-de Watanyň ykbalyny gurujylar, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmaga ukyply bolan halkyň bagtly durmuşyny, döwletiň we jemgyýetiň kuwwatly güýjüni döredijiler hökmünde öz mümkinçiliklerini açmak üçin döredilen şertlerden netijeli peýdalanmalydyr.