Customs Service News

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk
21 Apr
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi jenap Alişer Rajabow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň «Farap awtoýollary» (Türkmenistan) – «Alat awtoýollary» (Özbegistan Respublikasy) serhetýaka gümrük postlarynyň iş tertibi bilen bagly meseleler, aýratyn hem, bu gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem gümrük ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanmalar bildirildi.