Customs Service News

Hasabat ýygnanyşygy
7 May
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 7-nji maýynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew  ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi. 

Ýygnanyşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin, Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs demirýollary»  gümrük postunyň uly gözegçisi kapitan M.Gurbanow, Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Altyn Asyr» gümrük postunyň kiçi gözegçisi uly leýtenant A.Töreýew we Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Howdan» gümrük postunyň uly gözegçisi uly leýtenant                B.Baýyýew gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.