Habar

Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredildi.  Netijede Türkmenistanda öndürilen önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini aňryýany bilen ödeýän sanawy çalt depginlerde giňeýär.  Lebaply hususy önüm öndürijileriň dünýä bazaryndaky orny hem barha giňelýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän amatly şertleriň döredilmegi eksport gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda lebaply hususyýetçiler senagat önümleriniň onlarça tonnasyny Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Azerbaýjan ýaly döwletlere eksport etdiler. Eksportyň işjeňleşmegine «Mizemez gadam» hususy kärhanasy hem uly goşant goşýar. Kärhana şu ýyl izogamyň 113,4 müň inedördül metrini eksport etdi. Önümiň agramly bölegini ― 83,86 inedördül metrini türkiýeli işewürler satyn aldylar. Şeýle hem 17,45 müň inedördül metr izogam Özbegistana eksport edildi.  Önümiň 12,3 müň inedördül metri bolsa beýleki dünýä döwletlerine satyldy. Bu hususy kärhanada öndürilýän suwuk bitum mistikasynyň hem hyrydarlary köpelýär. Kärhana şu ýyl bu önümiň 610 tonna golaýyny Türkiýä, 742 tonnadan gowragyny bolsa Özbegistana eksport etdi.

Welaýatda akkumulýator öndürýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň hem eksport paýy ösýär. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda bu hojalyk jemgyýeti goňşy Owganystan döwletine dürli güýjenmedäki akkumulýatorlaryň 1440 sanysyny eksport etdi. «Çelek» hususy kärhanasy bolsa şu ýyl senagat garyndyly suwuklygyň 264 tonnasyny Hytaýa eksporta ugratdy.  «Türkmen ojagy» hususy kärhanasy geýim-gejimlik nah pagtanyň eksporty boýunça türkiýeli işewürler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda bu hususy kärhana türkiýeli hyzmatdaşlaryna nah pagtanyň 42 müň 320 tonnasyny eksport etdi. Çärjew etrabynda ýerleşýän «Gaýrat» hususy kärhanasy hem şu ýylyň başyndan bäri nah mata pamygynyň 476 tonnasyny Birleşen Arap Emirliklerine iberdi. Şu etrapda ýerleşen «Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti bolsa şu ýyl polipropilen haltalaryň 18 tonna golaýyny Belarus Respublikasyna satdy. Saýat etrabyndaky «Geljege rowaç» hususy kärhanasy plastmassa asgyçlarynyň 150,5 müň sanysyny Azerbaýjana eksport etdi. Hususyýetçiler ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşantlaryny goşýarlar.