Habar

      Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy serhetýaka gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň hilini kämillleşdirmek boýunça işleri tapgyrlaýyn esasda alyp barýar. Bu işleriň nobatdaky tapgyrynda, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine başlady.

     Gurluşyk işleri «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy tarapyndan  2025-2026-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda gümrük nokadynyň çäginde öňki hereket edýän binalaryň durkuny düýpli täzelemek bilen bir hatarda, esasan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak hem-de gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

      Bu işleriň netijesinde bolsa, halkara ýük daşamalaryna amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň gümrük nokatlaryň çäklerinde gümrük gözegçiligi üçin sarp edilýän wagtynyň has-da azalmagy we üstaşyr geçirilýän ýükleriň bolsa artmagy üçin şertler döreder. Şeýlelik-de bolsa, gümrük nokatlaryň ulag geçirijilik kuwwaty has-da ýokarylandyrylar.

     Türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlary ýurdumyzyň daşary söwdasynyň haryt dolanşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlary bolup durýar.