Habar

      Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine girişýär. Gurluşyk işleri  «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2025-2027-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda öňki hereket edýän binalaryň durky düýpli täzelener, birnäçe binalar we desgalar täze gurular. Şeýle hem, taslamanyň çäklerinde ulag serişdeleri üçin täze rentgen-barlag enjamyny gurnamak hem-de gümrük amallary üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

       Bu işleriň netijesinde bolsa, gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny bir günde jemi 500 awtoulaga çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, gümrük nokadynyň häzirki taslama kuwwatyndan 2,5 esse ýokarydyr.

       «Serhetabat» gümrük nokady Türkmenistanyň daşary söwdasynyň haryt dolanşygynda hem-de «Lapis Lazuli» we başgada birnäçe halkara ulag geçelgeleriň ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlaryň biri bolup durýar.