News

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
19 May
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 18-nji maýynda Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. 

Şu ýyl—eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda umumymilli dabaralar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Ine, şu gün hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz şanly seneleriniň birini - Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden hem-de dabaraly belleýär. 

Şeýle hem, şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde hem-de seýilgählerinde, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde we konsert meýdançalarynda geçirildi. Şolarda milli tanslar ýerine ýetirildi, islendik işiň hötdesinden gelýän bagtyýar halkyň ýaşaýan ýerini — eziz Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.

Maslahat köşgünde guralan sungat ussatlarynyň konserti giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilen baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biri boldy.