Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak, olara garşy bioönümleri ulanmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişi, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada aýtdy.

Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagtaçy-kärendeçileri zerur bolan gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi. Sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, şeýle-de beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Mundan başga-da, ýüpek gurçugyna ideg etmegiň agrotehniki görkezmelere laýyk ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda halkymyzyň rysgal-berekedi hasaplanýan bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinlere ideg etmek maksady bilen, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, onuň zyýankeşleriniň öňüni almak hem-de olara garşy bioönümleri ulanmak boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleri alnyp barlanda, bu işler bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, şeýle hem beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Sebitde pile öndürmek möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerur talapdygyny belläp, birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, saçaklarymyzyň berekedi bolan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ak ekinlere ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşy, dowam edýän gowaça ekişiniň depgini barada hasabat berdi. Häzir sebitde gowaça ekişini bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak üçin hemme zerur çäreler görülýär. Ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça hem bellenen kadalara laýyklykda möhüm işler alnyp barylýar.

Ilatyň ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kada esasynda ideg edilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen şertnamalaýyn borçnamany berjaý etmek üçin hemme zerur çäreleriň görlüşi barada hasabat berildi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklary talabalaýyk alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin olara ideg etmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleri alnyp barlanda, bu işleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigi barada tabşyryklary berdi.

Gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, kärendeçileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Welaýatda pile öndürmek möwsümi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň zerur talapdygyny belläp, birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleriniň geçirilişi, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy, ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreş çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy, şunuň bilen baglylykda, biokärhanalarda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Ýerine ýetirilýän möhüm işleriň hatarynda ilaty özümizde öndürilýän zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. Häzirki wagtda ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg edilýär. Hasabatyň dowamynda piläniň öndürilmegi babatda ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy. Ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek maksady bilen, welaýatda pile öndürmek möwsümini hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli derejede geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär.

Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşy barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleriň ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmelidigine, gowaça ekişiniň depgininiň has-da güýçlendirilmelidigine we öz wagtynda geçirilmelidigine üns çekildi. Şu işler bilen birlikde, bu möhüm oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak, şol sanda biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işlerini talabalaýyk guramak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, şu ýyl ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Welaýatda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekine ideg etmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak hem-de olara garşy bioönümleri ulanmak boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişi, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek hem-de onuň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin biokärhanalarda bioönümleri öndürmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem dokma pudagy üçin gymmatly çig mal hasaplanýan ýüpek öndürmek babatdaky meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýdan bol hasyl almak, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmagyň hem-de olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Geljekki bol hasylyň girewi bolan gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletde ýokary hilli geçirmegi üpjün etmek barada aýratyn tabşyryk berildi. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň öňüni almak, olara garşy bioönümleri ulanmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydyr. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek baradaky meseleleriň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, bu ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda degişli idegi üpjün etmek barada görkezme berdi. Welaýatda pile öndürmek möwsümi bilen baglylykda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezme berip, ulanmaga berilmegi maksat edinilýän medeni-durmuş we önümçilik desgalarynda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sanly ulgam arkaly hasabat bilen çykyş edip, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekine ideg etmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de olara ösüş suwuny tutmak, bugdaýyň zyýankeşleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna degişli bioönümleri ulanmak işleriniň, bugdaýyň kesellerine garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada aýtdy.

Welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek, pagta öndürijileri zerur bolan ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanmak üçin biokärhanalarda bioönümleri öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Hasabatyň dowamynda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilişi barada hasabat berildi. Şeýle hem şu günler ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň talabalaýyk dowam edýändigi barada hasabat berildi.

Oba milli maksatnamasyna we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyk işleri bellenen tertibe laýyklykda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin meýdan işleriniň, aýratyn-da, gowaça ekişiniň we güýzlük bugdaýa edilýän idegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigine hem-de öz wagtynda geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ekin meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmelidigi bellenildi.

Bugdaý meýdanlarynda ak ekinlere ösüş suwuny tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depgini güýçlendirilmelidir. Welaýatda gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegi hem-de bellenen möhletde tamamlanmagy üpjün edilmelidir. Ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça biokärhanalarda degişli bioönümleriň öndürilişine üns berilmegi möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin olara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edip, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilýän bugdaýa ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle hem ilaty özümizde öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu günler ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda bugdaýa ideg edilişiniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini nygtady. Bu ugurda hemme zerur çäreler görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm işler bilen bir hatarda, şu ýyl ýurdumyz boýunça gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek baradaky meýilnamany ýerine ýetirmegiň hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekip, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny, ekinleri zyýankeşlerden, kesellerden goramak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy mähirli gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu güwänamanyň berilmeginiň ata Watanymyz, ilkinji nobatda, paýtagtymyz Aşgabat üçin uly abraýdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigini, şu işleriň geljekde-de bellenen meýilnamalara laýyklykda dowam etdiriljekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine mundan beýläk-de berk gözegçilik edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.