Customs Service News

Wenadaky halkara maslahat
28 May
Wenadaky halkara maslahat

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy kapitan M.Kakalyýew Awstriýanyň Wena şäherinde 2016-njy ýylyň 18-20-nji maýy aralygynda “Strategiki harytlaryň söwdasyna gözegçiligiň çäreleri babatynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 (2004) kararnamasynyň kadalaşdyryjy hukuk talaplary” ady bilen geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy.

Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri eksporta gözegçilik etmegiň netijeli ulgamynyň möhüm ugurlary, şol sanda ygtyýarlylandyryş amallary we serhetýaka gözegçiligi barada habarlylygyň derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat.