News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22 Jul
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi hem-de bu senä gabatlanyp, saglygy goraýyş ulgamynyň iri binalary ulanmaga berildi. Täze edaralaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli amala aşyryldy.

Ulanylmaga berlen binalaryň dördüsiniň hem – Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň Halkara güwänamalaryna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Olar Türkmenistanda binagärlik babatda ilata hyzmat ediş ulgamynda ösüşiň ýokary derejesini tassyklaýar. 

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman  senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilýän çärelere hem-de Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga gelen Pekiniň hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň rektory jenap Sýuý Anluny, bu baýramçylyk dabaralaryna we täze desgalaryň açylyşyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkiýäniň belli “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň wise-prezidenti hanym Seda Gengörüni kabul etdi.