Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli maý aýynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, jemgyýetçilik birleşikleri hem-de döwlet düzümleri bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden, Söwda-senagat edarasyndan, Dokma senagaty ministrliginden “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, Gümrük kodeksini, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan teklipler öwrenilýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler baradaky maglumatlar bilen çykyş etdi.

Iş toparlarynda durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri ilerletmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň seljerilýändigi hem-de üstünde işlenilýändigi habar berildi. Hususan-da, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de onuň Salgyt müdiriýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Lizing hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işini alyp barýarlar.

12-13-nji maýda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy ýokary derejede geçirildi. Halk Maslahatynyň agzalary wagyz-düşündiriş çärelerine işjeň gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň, kabul edilýän kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirýärler.

Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga, demokratik, hukuk döwletini ösdürmegiň ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de häzirki döwürde gazanan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga ýardam berýän parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow ýurdumyzda maýa goýumlaryň özleşdirilişi, pudaklarda senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi.

Şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmek meýilleşdirilýär. Ýanwar — aprel aýlarynda düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59 göterimi durmuş maksatly binalaryň, 41 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Häzirki wagtda işiň şu görnüşiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ykdysady işleriň görnüşleriniň sanyny artdyrmak we pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler bilen baglylykda, geljekde-de önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, şeýle hem edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde salgyt ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan seljeriş işleri barada maglumat berildi, şonuň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli salgyt syýasatynyň netijeliliginiň köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýändigini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi we salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de wise-premýere Salgyt kodeksiniň maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi, üýtgetmeleri we goşmaçalary degişli düzümler bilen ylalaşmagy, doly işlenenden soňra Ministrler Kabinetine garamaga bermegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer döwletiň maliýe serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, onda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan zerur bolan hasabatlary, maglumatlary bermegiň düzgüni hem-de möhleti anyk kesgitleniler. Göz öňünde tutulan ähli serişdeler we maliýe-ykdysady görkezijiler Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşylar, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde seljeriler, Statistika baradaky döwlet komitetinde garalar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin baş maliýe meýilnamasyny düzmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynda täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de toplumyň kärhanalarynyň, desgalarynyň sany hem-de täze desgalaryň ulanmaga berlişi, işgär birlikleri we ýangyç-energetika toplumynda goşmaça iş orunlarynyň döredilişi barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatlyklaryny has doly ulanmak, täze iş orunlaryny döretmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary E.Orazgeldiýew täze kärhanalary gurmak hem-de iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasy barada hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda bu iki desganyň ulanmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler.

Döwrebap, köpugurly traktorlaryň, gowaça ekiji enjamlaryň we kultewatorlaryň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň ýylyň ahyryna çenli gelmegi bilen baglylykda, bu tehnikalary dolandyrmak üçin iş orunlarynyň degişli möçberini döretmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berildi.

Häzirki wagtda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan önüm öndürijilere ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hem-de goýberilen harytlaryň bahasynyň möçberlerine berilýän ýeňilligiň öwezini dolmak üçin taýýarlanylan resminamalar seljerildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi we degişli Çözgüde gol çekip, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow täze senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän düzümindäki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän kärhanalaryň sany hem-de olaryň hasabynda durýan wezipe birlikleri barada giňişleýin hasabat berdi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze iş orunlarynyň sanynyň artandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk-senagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde täze önümçilikleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady.

Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Dolandyryş we önümçilik toplumlary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnaldy. Alnyp barylýan ähli işler berk gözegçilikde saklanylýar.

Öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, sarp edilýän wagty azaltmaga we ýurdumyzyň ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň bu möhüm desgasyndaky işleriň bellenen möhlete laýyklykda doly tamamlanmagyna we açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmäge wise-premýeri borçly etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow täze senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda ýokary tehnologiýaly iri dokma kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, iş orunlarynyň döredilendigi barada habar berdi. Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürýän önümçiligi, Daşoguz pagta egirme fabriginde agaç we izolýasiýa serişdelerini öndürýän önümçiligi döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususy ulgamy ösdürmekde berilýän goldawlaryň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan birnäçe senagat ugurly kärhanalar işe girizilip, şolarda goşmaça iş orunlary döredildi.

Soňra wise-premýer Türkmen halysynyň baýramyna hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Iş maksatnamasy taýýarlanylyp, şoňa laýyklykda, 29-njy maýda haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan serginiň, türkmen halyçylyk sungatyna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň maslahatynyň, halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň hem-de medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, el halylarynyň halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň umumy keşbini özünde jemleýän bahasyz gymmatlykdygyny nygtady. Gadymy döwürlerden bäri inçe ussatlygy talap edýän bu çylşyrymly hem-de agyr hünäriň syrlaryny ussat aýal-gyzlar nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize çenli ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny dünýäde wagyz etmek işinde geçirilýän forumlaryň eýeleýän möhüm ornuny we ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de ilerletmäge, Diýarymyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady hem-de wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamynda işleriň ýagdaýy, şol sanda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, şeýle-de täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek hem-de «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň çäklerinde olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.

Soňra wise-premýer 21 — 25-nji maýda “Türkmen teatr sungaty” festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky teatrlarda dürli sahna oýunlarynyň görkeziljekdigini, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlarynyň geçiriljekdigini habar berdi. Festiwalyň açylyş dabarasynyň barşynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik toparlarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna festiwaly geçirmegiň meýilnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz teatr festiwalyny guramak baradaky gürrüňe geçip, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de döredijilik forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzyň teatr sungatynyň gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle-de ýurdumyzyň üstünlikleri barada gürrüň berýän, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini giňden açyp görkezýän täze sahna oýunlaryny döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze kärhanalary we edaralary açmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2022-nji ýylda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň binalary, saglygy goraýyş, sport, bedenterbiýe-sagaldyş we durmuş maksatly beýleki täze desgalar açylyp ulanmaga berler. Munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik berer. Soňra wise-premýer 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasyny hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Baýramçylyk dabaralary Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäreleri bilen başlanar. Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary esasynda baýramçylyk dabaralary guralar. Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada köpçülikleýin dabaralary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasyny makullady hem-de olaryň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini belledi, munuň özi uly durmuşa gadam basýan ýaş türkmenistanlylaryň aňynda “Soňky jaň” dabarasy barada iň ýakymly ýatlamalaryň galmagyna ýardam berer. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guraljak dabaralar ýaşlary geljekki täze üstünliklere ruhlandyrar, olaryň ata Watanymyza söýgüsini has-da artdyrar, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine yhlasly zähmet çekmäge höweslendirer diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hasabat bilen çykyş etmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtady. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň türkmen tarapyndan başlygy bolmak bilen, döwlet Baştutanymyz netijeli döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda maksada gönükdirilen işleri durmuşa geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent halkara abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow intellektual eýeçilik ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmekde ýöriteleşdirilen halkara guramalar, hususan-da, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy (WIPO) hem-de Ýewraziýa patent guramasy (EAPO) bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm orun degişlidir. Ýokarda beýan edilen teklipleri durmuşa geçirmegiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran Kararyna laýyklykda döredilen Intellektual eýeçilik obýektlerini goramak ugry boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, intellektual eýeçilik ulgamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasyny, ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde, öňdebaryjy sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy hem-de bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň, hyzmatdaşlygyň degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny sazlaşdyrmagyň, onuň halkara ülňülere laýyklykda, mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew täze kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda agentligiň edarasynda hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesiniň hereket edip, şolarda täze iş orunlarynyň döredilendigi habar berildi. «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan ýük teplowozlarynyň, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýeňil awtoulaglaryň we kiçi awtobuslaryň satyn alynmagy, welaýatlarda ýolagçy awtomenzilleriniň hem-de awtotürgenleşik meýdançalarynyň, şeýle hem “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurulmagy bilen, täze iş orunlary dörediler.

«Türkmenhowaýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleri tarapyndan täze howa gämileriniň satyn alynmagy hem-de deňiz gämileriniň gurulmagy maksat edinilýär, bu bolsa goşmaça iş orunlaryny döreder. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk liniýalarynyň we sanly awtomatik telefon beketleriniň giňeldilmegi, poçta hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, Ahal welaýatynda pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap dolandyryş binasynyň gurulmagy bilen hem täze iş orunlarynyň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamyna döwletiň iri möçberli maýa goýumlarynyň goýulýandygyny, şoňa görä-de, ulgamyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmalydygyny, täze iş orunlaryny döretmelidigini nygtady hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 7,8 milliard manada deň bolandygyny nygtady. Pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we sebitleri durnukly ösdürip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan uly möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şu döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy.

Pudak ýolbaşçylary tarapyndan belli bir derejede işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler hem-de öňümizde durýan wezipeler heniz köp diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň we ilatymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmaly. Institusional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmeli.

Dünýä tejribeleri esasynda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaly. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeli hem-de amatly işewürlik gurşawyny döretmeli. Pudaklaryň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyryp, içerki we daşarky maýa goýumlary giňden çekmek boýunça degişli işleri alyp barmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmen halky «Çekseň zähmet —– ýagar rehnet» diýýär. Şoňa görä-de, pudaklarda maýa goýumlaryny netijeli özleşdirip, döwrebap önümçilikleri işe girizmek, şäherdir obalarda, hatda çet ilatly ýerlerde-de goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ilatymyzyň ak ýürekden, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak biziň esasy borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Hökümetiň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.