News

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
24 Aug
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garaldy.



Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ozal berlen görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Biziň ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen harytlaryň öz wagtynda ýüze çykarylmagy hem-de ele salynmagy boýunça durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn ähmiýet berildi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ýolbaşçy düzümlerine aýdylan tabşyryklaryň, şol sanda ýurdumyzyň serhetlerindäki gümrük gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň berk berjaý edilmelidigini, ýükleriň gözegçiliginiň ýokary derejesini üpjün etmek, olaryň hereket edýän hil ülňülerine laýyk gelmegini ýola goýmak babatda berlen tabşyryklaryň birkemsiz ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.



Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe wajyp meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.



Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Hormatly harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik-watansöýüjilik işi, gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere çekdi.