Düýn Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi.
Hajy Arkadagymyz ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, din wekilleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde uly işleri bitirýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz her welaýatyň bir etrabynda metjit gurmak boýunça edilýän işler bilen gyzyklandy.
Hormatly ýaşulular häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy, şeýle hem türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerine beýan etdiler.
Soňra BAE-niň merhum Prezidentiniň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagy dileg edilip, keramatly Gurhandan süreler okaldy.
Doga-dileglerden soňra Hajy Arkadagymyz ýurdumyzda ýagşy dessurlaryň mundan beýläk-de döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi, ýaş nesilleriň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda milli däp-dessurlaryň ösdürilmeginde, nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly kemala gelmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Şeýle hem Hajy Arkadagymyz bu ýerde bolan gürüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň din wekilleriniň alyp barýan işleriniň edep-terbiýe babatda nusgalyk bolmalydygyny, şol bir wagtyň özünde milli lybaslaryň halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerine we onuň ýagşy dessurlaryna kybap gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Soňra Hajy Arkadagymyz edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip bu ýerden ugrady.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy arkadagymyz Gökdepe metjidine geldi we bu ýerde geçirilýän sadaka gatnaşmak üçin gelen BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, özüniň BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly, geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu günem merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi.
Dostlukly ýurduň ilçisi BAE-niň merhum Prezidentine bildirilýän hatyra üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu çözgüdiň beýik ynsanperwerligiň nyşanydygyny aýratyn nygtady.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAE-niň merhum Prezidentini ýatlap, doga okady we Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerinde edilen doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny we merhumyň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.
Türkmenistanyň müftüsi asylly ýörelgeleriň rowaç almagy ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändikleri üçin Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçiik edýän ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny we ýagşy däp-dessurlaryny wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň edildi. Şeýle hem Hajy Arkadagymyz BAE-niň merhum Prezidentiniň türkmen halky üçin bitiren hyzmatlaryny ýatlap, berilýän sadakalaryň kabul bolmagyny dileg etdi.
... Sadakanyň öňüsyrasynda milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy baradaky habary gynanç duýgusy bilen kabul edendiklerini hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen, türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy sebäpli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny belledi. Bu ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de tutuş türkmen halkynyň adyndan gynanç bildirildi we medet beriji sözler ýetirildi.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy diňe bir bu ýurduň halky üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem uly ýitgi boldy. Ol ýaşan manyly ömründe haýyrly we ynsanperwer işleri bitirdi. Tutuş yslam dünýäsinde öçmejek yz goýdy diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Doganymyz Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň Garaşsyz Watanymyz üçin hem bitiren işlerini, beren hemaýat-goldawlaryny çuňňur kanagatlanma bilen ýatlaýarys diýip, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidentiniň paýtagtymyzdaky metjidiň, «Döwletliler köşgüniň», «Ene mähri» hem-de Halkara iç keselleri merkezleriniň gurulmagynda, “Arçman” şypahanasynyň döwrebap ýagdaýa getirilmeginde, Maryda Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn uly tagallasy bar. Ol paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgüne» yzygiderli haýyr- sahawat goldawlaryny berýärdi. Halkymyz hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň aýdyň nyşany bolan bu işleri hemişe ýagşylykda ýatlaýar.
Saparyň dowamynda biz razylyk berlen ýagdaýynda ýurdumyzda doganym Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi bellemekçidigimizi aýtdyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ine, şu gün hem biz halkymyzyň mukaddes däplerine eýerip, Gökdepe metjidinde, Köşüdäki metjitde we «Döwletliler köşgünde» Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasyny berýäris.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan görnükli, örän parasatly döwlet Baştutany hökmünde Ýer ýüzüne görelde boldy. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşdy. Onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda bitiren uly işleri hem bellenmäge mynasypdyr.
Dünýä ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti aýratyn tagalla etdi. Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hem-de ýola goýlan asylly däpleriň dowam etdirilip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigini we has-da pugtalandyryljakdygyny nygtady.
Biz saparyň dowamynda dünýädäki ajaýyp metjitleriň biri bolan Şeýh Zaýed metjidine baryp, Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyran Şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýýanyň aramgähine zyýarat etdik, merhumyň hormatyna aýat-doga okadyk diýip, Hajy Arkadagymyz aýtdy we ol ýerde türkmen tarapyna bu metjit barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän hem-de dünýädäki metjitler barada gürrüň berýän mukaddes kitaplaryň gowşurylandygyny belledi.
Elbetde, adam ömrüniň uzynlygy ýaşalan ýaşlar bilen, onuň many-mazmuny bolsa, bitirilen işler bilen ölçenýär. Beýik işleri bitirenler hakydada hemişelik galýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyna, onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykdy, soňra nahar çekildi.
Sadakanyň ahyrynda Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we ildeşlerimize ýüzlenip, goý, bu günki okalan aýatlar, edilen doga-dilegler Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Merhumyň jaýy jennet bolsun! Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Birleşen Arap Emirlikleriniň halkyna ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun diýdi.
Soňra hajy Arkadagymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
***
Şeýle hem düýn Köşidäki metjitde BAE-niň merhum Prezidentini hatyralap, sadaka berildi. Oňa gatnaşanlar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we umuman, sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegi ugrunda zerur tagalla eden BAE-niň merhum döwlet Baştutanynyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdiler.
Häzirki döwürde ýurdumyzda asylly işleriň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Aýratyn-da, haýyr-sahawat çäreleri ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Bu bolsa, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly ýörelgeleriň döwrebap derejede ösdürilmegine zerur ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Köşidäki metjitde okalan juma namazynda ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işleriň rowaç almagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegi dileg edildi.
Bu bolsa Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine goşant goşan şahsyýetlere has-da belent hormat-sarpanyň bildirilýändigini görkezýär.
Şol birwagtyň özünde paýtagtymyzda BAE-niň ozalky Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň adyny göterýän Döwletliler köşgünde merhumy ýatlap, günortanlyk nahar berildi. Hormatly Arkadagymyzyň döreden eserleri üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna geçirilen sadakalar we berlen günortanlyk nahary BAE-niň merhum Prezidentine we umuman, dostlukly ýurda bildirilýän hormatyň aýdyň mysaly boldy.
Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň haýyr-sahawat çärelerine gatnaşyp, olarda bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere bolan söýginiň berkidilmegi üçin zerur tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Şeýlelikde, Döwletliler köşgünde berlen günortanlyk naharyna gatnaşanlar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň geçirilýändigi üçin Hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Bu bolsa, tutuş adamzat jemgyýetinde aýratyn ähmiýetli bolan çäreleriň geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini aňladýar.