Customs Service News

Dokuz aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk
5 Oct
Dokuz aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2016-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda 2016-njy ýylyň geçen dokuz aýynda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Ýygnanyşygy açyp, polkownik M. Çakyýew onuň gün tertibini yglan etdi we Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016˗njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýygnaga gatnaşýan harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirdi.

Soňra, Gün tertibine laýyklykda Gullugyň merkezi edarasynyň we Gümrükhanalaryň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. 

Ýygnanyşygyň barşynda işinde oňat netijeleri görkezen harby gullukçylara Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulamalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin sowgatlar gowşuryldy, şeýle hem dokuz aýyň jemi boýunça gümrük işiniň dürli ugurlarynda tapawutlanan gümrük işgärlerine minnetdarlyk bildirildi.