Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäheriniň gününe hem-de “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşmaga gelen işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýy we ähli şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady. Işewür pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, ol paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alýan we düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçil çözgütleri işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýa bilen şertlendirilendir.

Işewür senagat we raýat ugurly gurluşyklaryň dürli pudaklarynda ýöriteleşen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny hem-de ähli tejribesini, mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.