Habar

Hazirki wagtda, ýurdumyzyň telekeçileri  hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak babatda alyp barýan işlerine işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki abraý‒mertebesiniň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň möhüm ugurlardaky öňegidişliklerde ösen innowasiýaly tehnologiýany ornaşdyrmakda we giňden ulanmakda işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşleri kanunalaýyklykda amala aşyrylyp, Kanunlara we kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanuny esaslary barada hem düýpli işler amala aşyrylýar.

Eksport harytlaryň düzüminde azyk hem azyk däl we senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolmagy işiň dürli kysymda alnyp barylmagyny talap edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň uly goldawdan netijeli peýdalanyp daşary ýurtlara çykarylýan harytlaryň görnüşi we hil taýdan dünýä bazarynyň ösen islegine doly laýyk getirilmegini gazanýandyklaryny görkezýär. Eksporta ugradylýan önümleriň dünýä ülüňlerine laýyk öndürilmegi, kärhanalara we fabriklere iň bir ösen inowasiýaly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesidir. Mysal üçin, «Hasar» hususy kärhanasynyň öndürýän konditerleri: şekilli kökeleri, şokoladlary, waflileri, keksleri, irisleri, zefirleri  Ermenistan, Ýemen, Yrak,  Gümrük gullyugynyň eksport edýän gümrük nokatlaryndan ugradylyp, ýurduň çäginden çykarylýar. Şeýle eksport harytlarynyň hataryna «Şubla» hususy kärhanasynyň öndüren polipropilen halta önümleri, Aşgabat Dokma toplumynda öndüren harytlary-nah ýüpliklerini, hammada ulanylýan halatlar we plotensalary Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe Respublikasyna,  Gyrgyzystan, Päkistana iberilýär. Bu eksport harydynyň ýurdumyzda öndürliýän önümleriň daşary döwletlerede  alyjylaryň ýokary islegine eýedigini bellemek bolar.