Habar

2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi geçirildi. 

Mejlisiň işine Pudagara iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekilleri hem-de BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň hünärmeni gatnaşdy. 

Mejlisiň barşynda gün tertibe laýyklykda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň düzüm birlikleriniň guramaçylyk meselelerine seredildi. Şeýle hem, Taslama resminama gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly kanunçylyk-hukuk, maglumat tehnologiýalary we enjamlaýyn üpjünçilik binýadynyň hem-de eksport-import bilen bagly amallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamy ornaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň Taslama resminama bilen bagly gyzyklandyrýan gaýry meseleler boýunça sorag-jogaplar alşyldy.