Habar

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri serhetüsti söwda geçmäge indiki ädimleri maslahatlaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň kagyzsyz söwda ýardam bermek boýunça milli bilermeni Gündogdy Ewjanow bilen duşuşdylar.

Duşuşykda, söwda bilen baglanyşykly maglumatlary we resminamalary elektron görnüşinde alyş-çalşygyny guramakda ulanylýan kanunçylyk namalaryna bah berildi hem-de Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky çarçuwaly Ylalaşygyny ýerine ýetirmek boýunça indiki ädimler maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 19-njy maýynda Bangkok şäherinde kabul edilen Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky çarçuwaly Ylalaşyga goşulyşmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde kabul edildi.