Habar

Türkmenistanda elektroenergetika ykdysadyýetiň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. 2022-nji ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we ýerine ýetirilen işler babatda meýilnama 128,1 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,8 göterime, onuň eksport edilişi bolsa 150,3 göterime deň boldy.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýa bilen doly derejede (100%) üpjün edilen. Içerki sarp edijileri elýeterli nyrhlar bilen durnukly ýagdaýda ygtybarly we yzygiderli üpjün etmekden başga-da, Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýa sebit boýunça, goňşy ýurtlara — Eýran Yslam Respublikasyna, Owganystana, Özbegistana hem-de Gyrgyz Respublikasyna eksport edilýär. Şeýle hem Türkmenistan döwleti öndürýän elektrik energiýasyny Özbegistanyň hem-de Eýranyň üsti bilen başga ýurtlara iberilmek üçin uly mümkinçilige eýedir.

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda her welaýatda iki-üç elektrik beketleri işleýär. Bu bolsa sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy» esasynda iri energetika desgalarynyň ýene-de 7-siniň gurulmagy göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ahal we Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Çärjew etrabynda «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlan Lebap elektrik bekedi utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Umuman, milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektroenergertika degişli iri taslamalar durmuşa geçirilende, Türkmenistan daşky gurşawy goramaga jogapkärçilikli çemeleşip, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy maksat edinýär. Häzir wagtda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri dowam edip, Ahal – Balkan – Daşoguz we Ahal – Mary ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň hem-de kiçi beketleriniň gurluşyklarynyň taslamasy amala aşyrylýar. Bu taslamanyň ilkinji tapgyry bolup durýan Ahal-Balkan ugry 2021-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça merkeziň ýakynda ulanylmaga tabşyrylmagy, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynyň geljekki ösüşinde möhüm waka öwrüler. Öňdebaryjy tehnologik enjamlaryň degişli derejede abatlanylmagyny hem-de ulanyş ýagdaýynda saklanylmagy üçin hyzmat edilmegini üpjün etmäge gönükdirilen desgada gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyldy, dolandyryş we önümçilik binalary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar oturdyldy, Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Ýokary tehnologiýaly energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkeziň ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň netijeli işlemegine ýardam berer.