Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine eýe bolýar. Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynda „Türkmenistanda öndürildi“ diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl, eksport ugrunda hem möhüm orny eýeleýär. Şol kärhanalaryň arasynda lebap welaýatynda ýerleşýän dokmaçylyk kärhanalalaryna hem uly paý degişli bolup durýar.
Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginden diňe bir Ermenistana däl, has uzakda ýerleşen döwletleriň birnäçesine nah ýüplükler eksport edilýär. Fabrik ýigrimi ýyla golaý wagtdan bäri dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy bir ýylda nah ýüplükleriň 9130 tonnasyny öndürmeklige niýetlenilendir. Kärhanada pudakiçi dokma kärhanalarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň isleglerine görä nah ýüplükler öndürilýär.
Häzirki wagtda bir günüň dowamynda 15,5-17 tonna önüm taýýarlanylýar. Geçen ýylda umumy bahasy 58 million 703 müň 667 manatlyk nah ýüplügiň 5649 tonnasy öndürildi. Şonuň 2307,6 tonnasy, 24 million 519 müň 47 manatlygy öz ýurdumyzyň kärhanalaryna, 3341,4 tonnasy, 36 million 862 müň 866 manatlygy Russiýa, Türkiýe, Polşa, Ermenistan ýaly ýurtlara eksport edildi. Görnüşi ýaly eksport edilýän önümleriň möçberi 60 göterime golaýdyr. Şu ýylyň alty aýynda 1325 tonna golaý nah ýüplük öndürildi. Şonuň hem aglaba bölegi eksporta iberilýär.
Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji kärhanasy 2002-nji ýylyň sentýabrynda işe girizilipdi. Bu kärhana ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşine uly goşant goşdy. Senagat üçin zerur bolan önümleri öndürmekde, olaryň häzirki döwrüň ösen talaplaryny ödeýän hil derejesini üpjün etmekde kärhanada uly iş tejribesi toplanyldy.
Kärhananyň barha ösýän talaplara laýyk işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Kärhananyň enjamlary Germaniýanyň we Sweýzariýanyň meşhur kompaniýalaryna degişlidir. Bu ýerde işçileriň 190-sy zähmet çekýär. Olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde öndürilýän nah ýüplüklere daşary ýurtly hyrydarlaryň islegleri ýylsaýyn ösýär.