Habar

2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda” 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2142-nji karary esasynda döredilen Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümine girýän degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň başynda, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmakda, şol sanda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada aýratyn nygtaldy.

Geçirilen çäräniň dowamynda, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň düzümine girýän käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňlenildi, şeýle hem bu ugur boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda, mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda dowamly goldaw-hemaýatlary berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.