Habar

Lebap welaýatynyň çäginde döwrebap gurlan dokma fabrikleriniň 4-si hereket edýär. Olar şu ýylyň ýedi aýynda 197 million 267 müň 656 manatlyk nah ýüplügi ýerleşdirdiler. Şonuň 101 million 330 müň 297 manatlygy eksporta iberildi. Welaýatyň gümrük gullugynyň işgärleri önümleriň hiç bir bökdençiz eksporta iberilmegini üpjün edýärler.

Welaýatyň ykdysadyýetiniň ösüşlerine dokma senagaty uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda dokma önümleriniň öndürilişi ep-esli esse artdy. Nah ýüplügiň içerki bazarda ýerleşdirilýän we eksporta iberilýän möçberleriniň artmagy kärhanalaryň çig mal üpjünçiliginiň has gowulanandygyny aýdyň görkezýär. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyzyň has pugtalanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Önümleriň öndürilişi boýunça görkezijiler geçen ýyldakylardan has ýokarydyr. 2021-nji ýylyň bütin dowamynda welaýatdaky dokma fabriklerinde 12 müň 491tonnadan gowrak nah ýüplük öndürilipdi. Şu ýylyň ýedi aýynda öndürilen nah ýüplügiň möçberi bolsa geçen  ýyldakydan hem köpdür. Has takyk aýdylanynda eýýäm ýedi aýda 13 müň 124 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi. Şu ýylyň ýedi aýynda eksporta iberilen nah ýüplügiň möçberi 6183 tonnadan geçdi.

Döwrebap innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän önümçilikleri bolan kärhanalar senagat pudagynyň ösüşlerini ilerledýär. Fabriklerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Işe girizilen dessine fabrikler meýilleşdirilen kuwwatlylygynyň derejesinde işläp başladylar. Bu bolsa Russiýa, Polşa, Türkiýe, Ermenistan ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygymyzyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän amatly şertleriň sanawy hem barha giňeýär.