Habar

2022-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) wekilleri bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk, halkara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde geljekki döwür üçin meýilleşdirilen halkara çäreler, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek okuw maslahatlary, daşary ýurtlara iş saparlary dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesi boýunça Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde serhetleri dolandyrmak babatda sebitara we Ýewropa döwletleriň tejribelerini öwrenmek halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň gümrük edaralarynda gümrük amallaryny awtomataşdyrmak boýunça, gümrük edaralara ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüňler edildi.