Habar

2023-nji ýylyň 29-njy maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň bilelikde ýardam bermeginde Gullugyň merkezi edarasynyň we gümrükhanalaryň işgärler bölümlerinden 25 sany işgäriň gatnaşmagynda hünär etikasy boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Çäre, Bütindünýä gümrük guramasynyň bütewiligi ösdürmek maksatnamasynyň dolandyryjysy jenap Oluimo Da Silwa we Guramanyň Ýewraziýa sebiti boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Daşgin Aliýew hem-de Şri-Lankanyň gümrük gullugynyň gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary, BGG-niň bilermeni jenap Nandika Sanat Kumanaike tarapyndan geçirildi.

Bilermenler, çärä gatnaşyjylary Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan, gümrük işgäriniň hünär edebiniň halkara ülňülerini kesgitleýän resminamalar, gümrük gulluklarynyň işgärleriniň ahlagynyň we edebiniň mysaly kodeksi bilen ýakyndan tanyşdyrdylar. Okuw maslahatynyň maksatnamasy korrupsiýa töwekgelçiligini seljermek, maglumat alyşmak arkaly döwlet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň aç-açanlyk, özüňi alyp barmagyň şertleri we beýleki mowzuklary öz içine aldy.

Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Aruşa deklarasiýasy ady bilen belli bolan, Gümrügiň hereketleriniň halallygy hakynda Deklarasiýa aýratyn mowzuk bagyşlandy. Bu resminamada suratlandyrylan korrupsiýa garşy strategiýanyň 10 sany aýratyn bölekleriniň arasynda esasy ähmiýet «gümrük gullugynyň ähli harby gullukçylarynyň edebiniň kesgitli düzgünlerini belleýän, özüňi alyp barmagyň toplumlaýyn kodeksini işläp düzmeklige, yglan etmeklige we kabul etmeklige» berilýär.