Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan eksport-import amallaryna dahylly edaralar kärhanalaryň hünärmenleriniň, hususy telekeçileriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmek asylly ýörelgä öwrüldi. Şeýle okuw maslahatlarynyň ýene biri ýakynda Aşgabat şäher gümrükhanasy tarapyndan geçirildi. Bu pudagara okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmenleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.
Okuw-maslahatynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi. Bu ugurda, gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde ileri tutma we beýleki göz öňünde tutulan ýeňillikli şertler barada mysaly düşündirişler getirildi. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän gümrük syýasatynyň ähmiýeti, halkara derejeli ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň ulag-üstaşyr we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatda gümrük edaralarynda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin çykyşlar edildi. Degişli edaralaryň wekilleriniň gümrük işi bilen baglanyşykly beren sowallaryna harby gullukçylar milli kanunçylygymyza laýyklykda degişli jogaplary berdiler.
«Döwrebap gümrük syýasaty – kuwwatly daşary söwdanyň kepili» ady bilen geçirilen bu pudagara okuw-maslahatyna gatnaşyjylar şeýle çäreleri mynasyp guramaga ähli döredýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.