2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalary we desgalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň çägi boýunça multimodal ýük gatnawlaryny amala aşyrmaklyga mümkinçilik berýän üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek, gümrük nokatlaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden ornaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär.
«Farap awtoýollary» gümrük nokady birnäçe halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşmek bilen, üstaşyr geçirilýän ýükleriň we ulag serişdeleriniň möçberi ýylsaýyn artýar. Şonuň bilen bagly, bu gümrük nokadynyň durkuny düýpli tazelemek boýunça gurluşyk işlerini ýerine ýetirildi. Gurluşyk işleriniň barşymda, Gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldildi. Gözegçilik bassyrmalarynda birwagtyň dowamynda 16 sany awtoulag serişdelerine gümrük barlagyny geçirmäge mümkinçilik döredildi.
Mundan öň gümrük nokadynyň ulag geçirijiligi bir günde her tarapa 250 awtoulaga deň bolan bolsa, häzirki wagtda täze binalaryň we desgalaryň gurulmagy, awtoulag serişdeleriniň geçirijiligini bir günde her tarapa 500 awtoulaga çenli, umumylykda bolsa 1000 awtoulaga çenli artdyrmaga doly mümkinçilik berýär. Netijede bolsa, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň ýük we ulag geçirijilik kuwwaty iki esse ýokarlandyryldy.
Şeýle hem, gümrük nokadynyň çäginde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyryldy.
Bu döredilýän şertleriň we ähli tagallalaryň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.