Gümrük habarlary
RSS

28.05.2022

Federal gümrük gullugy (Russiýa Federasiýasy) deňiz portlarynda ulanylýan sanly ulgamy boýunça iş duşuşygy

2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) wekilleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady Russiýada deňiz portlaryndaky gümrük nokatlarynda ornaşdyrylan Deňiz portalynyň işi bilen tanyşdyrmak.

27.05.2022

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky Ählumumy maksatnamanyň çäklerinde geçirilen duşuşyga gatnaşdy

2022-nji ýylyň 25-26-njy maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan wekiliýet gatnaşdy.

26.05.2022

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriň gazagystanly kärdeşleri bilen iş duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk, Türkmenistan Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2001-nji ýylda baglaşylan gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky Ylalaşygyň çäginde geçirildi.

24.05.2022

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri " Schmitt & Orlov Intellectual Property" halkara kompaniýasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen "Intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak" boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

21.05.2022

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriň duşuşygy geçirildi.

20.05.2022

Töwekgelçiligiň strategiki derňewini güçlendirmek boýunça Merkezi Aziýanyň hukuk goraýjy edaralary üçin sebitleýin okuw maslahaty

2022-nji ýylyň 17-19-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda gibrid görnüşinde geçirilen