08.04.2022
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak işleri dowam edýär
Häzirki wagtda, Gullugyň işgärleri BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň daşary ýurt we ýerli hünärmenleri bilen bilelikde, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmaklyk has-da işjeňleşdirildi.
05.04.2022
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Bir penjire ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Gruziýa döwletiniň tejribesi bilen tanyşdylar
2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Gruziýaly kärdeşleri bilen «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmakda tejribe alyşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy esasynda guraldy.
04.04.2022
Serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyndaky tejribeleriň ornaşdyrylmagy boýunça maslahatlaşmalar
2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň kagyzsyz söwda ýardam bermek boýunça milli bilermeni Şageldi Soltanmämmedow bilen duşuşyk geçirildi.
31.03.2022
Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük we serhet gulluklarynyň okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň sebitleýin maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 29-31-nji marty aralygynda «Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMKA)» maksatnamasynyň çäklerinde gibrid görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük we serhet gulluklarynyň okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň sebitleýin maslahaty geçirildi.
18.03.2022
Il-ýurduňa hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasy
Lebap welaýat gümrükhanasynda milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
06.07.2021
Bereketli türkmen topragynyň önümleri daşary ýurtlara ugradylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy meýilleriň hemişe üýtgeýän isleglerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny emele getirmek üçin dünýä bazarlarynyň ýagdaýyna yzygiderli seljerme berilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunda döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň ygtyýarly ýoludygyny belleýär.