Gümrük habarlary
RSS

09.06.2021

Eksporty artyrmakda uly höwes

Hazirki wagtda, ýurdumyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak babatda alyp barýan işlerine işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki abraý‒mertebesiniň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň möhüm ugurlardaky öňegidişliklerde ösen innowasiýaly tehnologiýany ornaşdyrmakda we giňden ulanmakda işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşleri kanunalaýyklykda amala aşyrylyp, Kanunlara we kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanuny esaslary barada hem düýpli işler amala aşyrylýar.

04.06.2021

Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde eksport edilýän harytlaryň görnüşi artýar

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň tassyklanmagy bilen ýurdumyzyň telekeçilerine daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler açyldy. Şeýle harytlaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlar kesgitlenilip, senagat, gündelik sarp edilýän we azyk önümlerini ýerli önümçilikler bilen çalyşmagyň üstünde işler geçirilip oňyn netijeler gazanyldy. Ahal welaýat gümrükhanasynda eksport gümrük düzgüninde resmileşdirilýän harytlaryň görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

29.05.2021

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş topary öz işini dowam edýär

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Pudagara iş toparynyň 3-nji mejlisiň işine, iş toparynyň düzümine gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekillerinden başga, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasynyň (THADA) wekilleri gatnaşdylar.

28.05.2021

Gümrük işiniň mümkinçilikleri barada geçirilen maslahat

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň edara binasynyň mejlisler zalynda harby gullukçylarynyň we Telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat agzalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän hususy kärhanalary we telekeçileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň maý aýynyň 21-ne işewürlik maslahaty geçirildi.

26.05.2021

Milli Liderimiz täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap daýhan birleşiginiň çäginde “Mähriban obam” hususy kärhanasy tarapyndan ýyladyşhana guruldy. Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap , işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkay amala aşyrylýar. Ýylylygyň, çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýyglanan möhleti taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar.

25.05.2021

Deslapdan maglumat alyşmak boýunça duşuşuk geçirildi

2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda taraplaryň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda taýýarlanylan Tehniki şertleriň taslama resminamasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.