Gümrük habarlary
RSS

06.07.2021

Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýasy 2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistan üçin güýje girdi

Türkmenistan Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýasyna (Kioto konwensiýasy) goşulyşdy. 2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistanyň Kioto konwensiýasyna goşulmak baradaky resmainamanyň asyl nusgasyny Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa gowşurdy. Jenap Kunio Mikuriýanyň bu resminamany kabul etmegi bilen, Türkmenistan bu konwensiýanyň 126-njy agzasy boldy.

25.06.2021

Farap etrabynda seýilgäh açyldy

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçýän günlerinde şatlykly wakalaryň sany artýar. Şolaryň birisi Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň açylmagy boldy. Ýaşaýyş-durmuşymyzyň eşretlere beslenmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan özgerişlikleri her bir şähere, her bir adamyň ýaşaýşyna ýakymly täsirini ýetirýär. Munuň özi oba-şäherlerimiziň daş keşbinde hem, ýaşaýjylarynyň ykbalynda hem mese-mälim görünýär. Şeýle bagtly pursatlar körpe neslimiziň durmuşynda hem örän köp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi.

25.06.2021

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy BMG-nyň Ýewropadaky ykdysady komissiýasy (UNECE) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2021-nji ýylyň 16-njy we 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda, BMG-nyň Ýewropadaky ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we şol guramanyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD), şeýle hem Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) hem-de Türkmen Halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasynyň (THADA) wekilleriniň arasynda, halkara ýük daşamalarynda sanly TIR-EPD ulgamyň üsti bilen gümrük resmileşdirmeleri we gümrük gözegçiligini amala aşyrmagyň halkara tejribeleri hem-de olary kadalaşdyrýan halkara resminamalar boýunça wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

23.06.2021

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 4-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminama gatnaşyjy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekilleri hem-de BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Taslama resminama boýunça dolandyryjy hünärmeni gatnaşdy.

20.06.2021

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 14-18-nji iýuny aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa» atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Halkara söwda merkezi (ITC) gümrük gullugynyň işgärleri üçin gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Halkara söwda guramasynyň hünärmenleri Gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça çykyş edip, gatnaşyjylara bu mesele boýunça giň düşünje berdiler. Soňra okuw maslahatynyň amaly bölegide gatnaşyjylar bu okuw modullary bilen özbaşdak çykyş etdiler.

19.06.2021

Lebaply telekeçilerden – dünýä bazaryna

Döwlet tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler giňden ösdürilip başlandy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem hereket edýän hususy kärhanalardyr işewürleriň ilaty azyklyk hem-de beýleki zerur bolan önümler bilen üpjün etmekleri üçin mümkinçiliklerini has giňeltdi. Önümleriň bolçulygynyň döremegi bilen eksport ugry çalt depginlerde ösüp başlady.