Habar

05.07.2021

Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça harytlary daşamak bilen bagly täze kadalar

Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyrylýar. Bu ulgamyň T1/T2 üstaşyr moduly häzirki wagtda doly işe girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, agzalan üstaşyr modulynyň üsti bilen Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri awtomatlaşdyrylan usulda gümrük taýdan resmileşdirilip, gümrük üstaşyry gümrük amalyna ýerleşdiriler.
Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda gümrük dellallarynyň işi ýola goýlan we ýük daşaýjylar gümrük dellallarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, daşaýjy (ekspeditor) gümrük üstaşyryna rugsat almak üçin, Türkmenistanyň ugradylyş gümrük edarasyna aşakda görkezilen maglumatlary özünde saklaýan täjirçilik, ulag (daşaýyş) we (ýa-da) gümrük resminamalaryny bermeli:
1) harytlary iberijiniň (alyjynyň) ady we ýerleşýän ýeri hakynda;
2) harytlaryň ugradylýan ýurdy (barýan ýurdy) hakynda;
3) harytlary daşaýjynyň ýa-da, eger gümrük üstaşyryna rugsady ekspeditor alýan bolsa, ekspeditoryň ady we ýerleşýän ýeri hakynda;
4) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalýan ulag serişdesi hakynda, daşamak awtomobil ulagy bilen amala aşyrylýan mahalynda bolsa - şeýle-de ulag serişdesiniň sürüjisi hakynda;
5) harytlaryň görnüşleri ýa-da ady, mukdary, bahasy hem-de agramy ýa-da göwrümi, Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlaryň toparlara bölüniş kodlary hakynda;
6) ýük ýerleriniň umumy sany hakynda;
7) harytlaryň barmaly ýeri hakynda;
8) harytlaryň meýilleşdirilen ýoldaky düşürilip ýüklenilmegi ýa-da başga ýük operasiýalary hakynda;
9) harytlary daşamagyň meýilleşdirilen möhleti hakynda;
10) eger harytlaryň daşalmagy belli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly bolsa, ugry hakynda.
Mundan başga-da, gümrük taýdan resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralaryna berilýän resminamalarda diňe gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur maglumatlaryň (esasan hem harytlaryň ady barada) türkmen diline hem bolmagy maslahat berilýär. 
Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük gözegçiligini güýçlendirmek we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, ýokarda görkezilen maglumatlary özünde jemleýän resminamalaryň Türkmenistanyň ugradylyş gümrük edarasyna berilmedik ýa-da ol resminamalaryň nädogry maglumatlaryň görkezilmegi bilen berlen ýagdaýlarynda, Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça harytlary daşamak üçin gümrük üstaşyryna rugsat berilmejekdigini habar berýäris.