Habarlar

Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy
2 Iýun
Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. 

Bellenilişi ýaly, bu Gullugyň işi korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna, olaryň öňüniň alynmagyna, üstüniň açylmagyna hem-de olary derňemek boýunça işiň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnuklylygy, şeýle hem amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligi degişli edaralaryň işiniň oňyn häsiýete eýe bolmagyna bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, korrupsiýa garşy hereket etmek baradaky Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna üns berildi. 

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlete ýetirilen zyýan bilen baglanyşykly ykdysady jenaýatlary ýüze çykarmak, öňüni almak, üstüni açmak we barlamak täze döredilen gullugyň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Şol bir wagtyň özünde bu düzümiň üstüne ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda hukuk bozmalaryň ýüze çykmagyny şertlendirýän sebäpleri aradan aýyrmak, şeýle hem korrupsiýa ulgamlaryny döredýän, olary goldaýan şertleri seljermek we olary aradan aýyrmaga, öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek wezipeleri ýüklendi. 

Maslahatyň dowamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we ýolbaşçylaryň, işgärleriň hünär derejesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi