Habarlar

GFR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hoşlaşyk duşuşygy
17 Iýul
GFR-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hoşlaşyk duşuşygy

2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Ýubber bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy hanym Ýubbere türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda nemes diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.

Taraplar halkara guramalarynyň, has takygy BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki hereketleriň oňyn tejribesi bilen birlikde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylandygyny belläp geçdiler. Türkmenistan üçin Germaniýa strategiki taýdan wajyp hyzmatdaş bolup durýandyr. Taraplar şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hem üstünlikli özarahereket edýändirler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer özarahereketleriniň mundan beýläk hem giňeldilmegi bilen birlikde, derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german Iş toparynyň netijeli işiniň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hanym Ýubber özüniň iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny durmuşa geçirmekde beren goldawy üçin Daşary işler ministrligine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.