Habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde howanyň üýtgemegi boýunça sammit geçirildi
25 Sen
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde howanyň üýtgemegi boýunça sammit geçirildi

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş Sekretary A.Guttereşiň başlangyjy boýunça Howanyň üýtgemegi ulgamyndaky hereketleriň 2019 sammiti geçirildi.

Çärä BMG-niň BA-nyň 74-nji mejlisiniň ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka gelen bu guramanyň agza-döwletleriniň dürli derejelerdäki wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatnaşýar.

Çäräniň açylyşynyň barşynda çykyş eden BMG-niň Baş Sekretary A.Guttereş bu forumyň dünýäniň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselesiniň öňüniň alynmagynda derwaýys çäreleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Geljekki nesillere asuda asmanyň we parahat zeminiň peşgeş berilmeginde häzirki hereketleriň wajypdygyny aýratyn belläp geçdi. 

Soňra Rim Papasynyň bu çärä gatnaşyjylara wideo-ýüzlenmesi görkezildi. Onda ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň öňüniň alynmagyndaky aýratyn jogapkärçilikleri bellenilip geçilendir.

Çäräniň dowamynda Hindistandan, Braziliýadan we Şwesiýadan gelen ýaşlaryň wekilleri hem çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda döwletleriň we hökümetleriň öz syýasatlaryny durmuşa geçirmeklerinde ýaşlara, ýaş telekeçilere we ýaş alymlara geňeşmekleriniň, olaryň sesleriniň diňlenilmeginiň wajyp bolup durýandygyny bellediler.

Mundan başga-da çäräniň barşynda guramanyň agza-döwetleriniň ýokary derejeli döwlet we hökümet adamlary çykyş etdiler.

Çykyşlarda BMG-niň BA-nyň nobatdaky 74-nji mejlsiniň çäklerinde gäçirilýän we global gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň hatarynda duran howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň öňüniň alynmagynda ýurtlaryň tagallary we durmuşa geçirýän işleri beýan edildi. Çykyşlarda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň çäklerindäki 2015-nji ýyldaky Pariž ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň öz üstlerine alan borçnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hem giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenleriň ählisi biziň geljek nesillerimize asuda hem-de ýaşyl dünýäni sowgat bermäge borçlanýandygymyzy nygtadylar.