Gümrük habarlary

«Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly daşalýan harytlaryň dolanşygyny kämilleşdirmek» atly okuw-maslahaty
29 Okt
«Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly daşalýan harytlaryň dolanşygyny kämilleşdirmek» atly okuw-maslahaty



Türkmenbaşy halkara deňiz portundaky gümrük postunyň edara binasynda Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly daşalýan harytlaryň dolanşygyny kämilleşdirmek boýunça okuw-maslahaty geçirildi. Çäräni Döwlet gümrük gullugynyň seljeriş bölümi gurady.

Okuw maslahatyna gümrük postuň şahsy düzümi, Döwlet serhet, migrasiýa gulluklarynyň  “Türkmendeňizderýaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Türkmen logistika assosiasiýasy” Hojalyk jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň barşynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük işini döwrebap guramak boýunça Gullugymyzda alnyp barylýan işler barada diňleýjilere giňişleýin maglumat berildi.  Şonuň ýaly-da bu ugurda alyp barýan işleri barada okuw maslahatyna gatnaşan edaralaryň we guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar deňiz porty arkaly harytlaryň daşalyşyny kämilleşdirmek babatda öňde duran umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.