Gümrük habarlary

Türkmenistandan Gyrgyzystan Respublikasyna pomidory eksport edýär
29 Okt
Türkmenistandan Gyrgyzystan Respublikasyna pomidory eksport edýär

Mary welaýat gümrükhanasynyň «Mary» gümrük postunyň işgärleri 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda 18 tonna pomidory eksport gümrük düzgüninde resmileşdirdiler. Ekologiýa taýdan arassa plastik gutulara gaplanan güneşli türkmen topragynyň bu nygmaty Gyrgyzystanly alyjylara ugradyldy. Ýurdumyz boýunça ýylyň başyndan bäri eksport edilen pomidoryň möçberi 15 müň tonnadan geçdi. 

Görnüşi ýaly, soňky döwürde Türkmenistanda ekspot harytlaryň möçberleri artýar. Muňa Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça hem-de Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýardam edýär. Şunlukda senagat, azyk we oba hojalyk harytlarynyň eksport möçberleriniň artandygyny bellemek gerek. 

Gümrük gullugy öz gezeginde ýurdumyzyň daşary söwdasyny ösdürmäge ýardam berýär. Çünki Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hem Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek bolup durýar.