Gümrük habarlary

Türkmenistan haly önümleriniň eksportuny ösdürýär
6 Noý
Türkmenistan haly önümleriniň eksportuny ösdürýär

Türkmen haly öndürijileri daşary ýurtlara eksporty ösdürmegi maksat edinýärler. Muňa häzirkizaman tehnologiýa, iň täze enjamlar we döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýardam edýär. «Abadan Haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda haly we haly önümleriniň esasy öndürijisi bolup durýar.  

«Abadan Haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleriniň eksporty 2019-njy ýylyň 10 aýynda 108 074,95 м2 deň boldy. Bu döwürde halylar we haly önümleri Gazagystan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna we Azerbaýjan Respublikasyna iberildi. 

2019-njy ýylda türkmen halylaryny import eden ýurtlaryň sanynyň artandygy hem bellärlikidir. Gümrük statistikasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, soňky aýda haly we haly önümleriniň Azerbaýjan Respublikasyna eksporty has-da artdy.