Gümrük habarlary

Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilelikdäki strategik dolandyryşyň çygrynda pudakara hyzmatdaşlykgy boýunça sebitleýin okuw-maslahatyna gatnaşýarlar
13 Noý
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilelikdäki strategik dolandyryşyň çygrynda pudakara hyzmatdaşlykgy boýunça sebitleýin okuw-maslahatyna gatnaşýarlar

2019-njy ýylyň 13-nji noýabry. Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilelikdäki strategik dolandyryşyň çygrynda pudagara hyzmatdaşlygy boýunça sebitleýin okuw-maslahatyna gatnaşýarlar. Çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMCA) çäklerinde gurnalyp, 12-nji noýabrda başlandy we Aşgabat şäherinde geçirilýär. 

Okuw maslahatyň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhet we gümrük gulluklaryndan wekilleri gatnaşýar. Çäräni Latwiýanyň Döwlet serhet goragyndan, Latwiýanyň döwlet girdejiler gullugyndan we Estoniýanyň içerki howpsuzlyk akademiýasyndan bilermenler alyp barýarlar. 

Maslahatyň esasy maksady- serhet edaralarynda bilelikdäki strategik dolandyryş boýunça amaly maslahatlary işläp taýýarlamak arkaly pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek bolup durýar. 

Okuw-maslahatynyň dowamynda milli bilermenler, şol sanda biziň Gullugymyzyň wekilleri öz ýurtlarynda we edaralarynda strategik ösüş ulgamy, şeýle hem serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdiler. 

Çäre şu ýylyň 14-nji noýabrynda tamamlanar.