Gümrük habarlary

Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we gümrük gulluklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilim alyşma boýunça sebitara forumyna gatnaşyldylar
8 Noý
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we gümrük gulluklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilim alyşma boýunça sebitara forumyna gatnaşyldylar

2019-njy ýylyň 31-nji oktýabry-2-nji noýabry aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we gümrük gulluklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilim alyşma sebitara forumy geçirildi. Oňa gatnaşan 17 döwletiň Gümrük gulluklarynyň wekilleriniň hatarynda Döwlet gümrük gullugynyň hem wekilleri bar. 

Forum Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasy we Günorta Aziýanyň kiçi sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (SASEC) Maksatnamasy tarapyndan gurnaldy.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar halkara söwda ýardam bermek çygrynda iş döwrebaplaşdyrmak babatda özara tejribe alyşdylar. Aýratyn-da onuň çäklerinde gümrük serhedinde gümrük amallary üçin «Bir penjire» ulgamyny ulanmagyň tejribesi we ähmiýeti; halkara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça CAREC we SASEC ýurtlarynyň tejribesi; halkara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça taslamalara telekeçileriň gatnaşdyrylmagynyň wajyplygy; ygtyýarlylandyrylan ykdysady operatorlar bilen işlemegiň tejribesi ýaly mowzuklar boýunça ara alyp maslahatlaşmalar boldy. 

Halkara söwdasyny ýeňilleşdirmek Türkmenistanda ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda degişli guramalar we edaralar taapyndan anyk çäreler kesgitlenip, durmuşa geçirilýär. Döwlet gümrük gullugynda hem bu ugurda uly öňe gidişikleri gazanyldy. 

Häzirki zaman gümrük syýasatyny durmuşa geçirmek işiniň aýrylmaz böleginiň biri gümrük işinde maglumatlar tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük edaralaryna gümrük işiniň awtomatlaşdyrylan usulda guralmagyny üpjün edýän, şol bir wagtda hem halkara söwdasynyň amallaryny ýeňilleşdirmäge ýardam berýän «ASYCUDA World» bitewi maglumat-aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Munuň özi «Bir penjire» ulgamyna geçmäge ädilen aýgytly ädim diýip biz hasap edýäris. 

    Bu işler tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Bu maksatnamanyň üstaşyr moduly eýýäm işe ornaşdyryldy.