Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Norman bin Muhamady kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda milli Lderimiz we ilçi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Uly mümkinçiliklere eýe bolan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamy ýaly ileri tutulýan ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin  oňaýly esas döredýär. Şunda Malaýziýanyň Türkmenistanda işleýän belli  “Petronas Charigali” kompaniýasy üstünlikli işewür hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Bu kompaniýa birnäçe ýyl bäri  ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda işläp, möhüm maýa goýum taslamalary  amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.  Netijeli gatnaşyklar üçin ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem, işewürler düzümleri boýunça hem uly mümkinçilikler bar.  

Türkmenistan we Malaýziýa dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly meseleler boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigini görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiz we ilçi iki döwletiň arasyndaky däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegi esasynda geljekde hem umumy bähbitler üçin işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.