Habarlar

5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
5 Iýun
5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Türkmenistan her ýylyň 5-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi giňden belläp geçýär. Bu gün bütin dünýäde ekologiýa ähmiýetli çäreler, sergilerdir, ylmy maslahatlar, okuw sapaklary geçirilýär. 

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. 

Onda şeýle diýilýär: “Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr...”