Habar

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gurnamagynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 2-nji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly möhüm meselelere seredildi.

Mejlisiň dowamynda, BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň hünärmenleri tarapyndan, Pudagara iş toparynyň düzümine girýän ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda, eksport-import bilen bagly amallary elektron görnüşde “Bir penjire” ulgamynyň üsti bilen resmileşdirilmegi babatynda geçirilen seljermäniň netijelerini hem-de bu edaralaryň kanunçylyk binýadyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça ýüze çykýan soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, mejlise gatnaşýan her pudagyň wekili aýratynlykda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Mejlisiň ahyrynda, Pudagara iş toparynyň agzalarynyň öňünde Pudagara toparyň nobatdaky mejlisine ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirmek üçin taýýarlyk görmek meseleleri bilen bagly anyk wezipeler kesgitlendi.