Habar

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmak bilen bagly taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan ähli işlerde, gurluşyklarda halkymyzyň durmuş derejesiniň ösdürilmegini nazarlaýan ugurlara möhüm ähmiýet bermek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen şäherleriň we obalaryň keşbi has-da özgerdi. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşyny we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şertleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Hormatly Arkadagymyz desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň çäklerinde ýollaryň ugurlaryny görkezýän şekiller, şeýle hem köçeleriň we jaýlaryň adynyň, belgileriniň görnüşleri hem-de olarda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmak arkaly yşyklandyryş usullaryny peýdalanmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz durmuş düzümine degişli binalaryň bezeg işlerinde, olaryň enjamlaşdyrylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň wajypdygyny belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde bina edilýän welaýatyň Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, bu ýerde döredilmegi meýilleşdirilýän muzeý otagynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz muzeýiň enjamlaşdyrylyşynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Ýerine ýetirilýän işler, göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz täze şäherde elektrobuslaryň we elektrik togy arkaly işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri öňe sürdi.

Hormatly Arkadagymyz daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gorap saklamagyň wajypdygyny belläp, ulaglaryň täze görnüşlerine sürüjileri hem-de olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesini içgin öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Arkadagymyz merkeziň köçeleriniň atlaryny görkezýän belgileriň yşyklandyryş ulgamynda nou-haularyň, sanly ulgamyň, energiýa tygşytlaýjy serişdeleriň ornaşdyrylyşyna degişli meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunda adamlar üçin döredilýän amatlyklaryň esasy orny eýelemelidigi möhüm talap bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz görkeziji belgilere degişli güwänamalaryň, patentleriň alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda degişli düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Arkadagymyza ýol-ulag ulgamynyň gurulýan inženerçilik desgasyna, görkeziji belgileriň her birine degişli gulluklaryň gatnaşmagynda güwänamalaryň we patentleriň alynmagynyň zerurlygy bilen baglanyşykly ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda taryhda öçmejek yz goýan belli şahsyýetlerimizi ýatlamak, atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, şäheriň şaýollaryna we köçelerine olaryň atlaryny dakmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy her bir şahsyýetiň hünäri, onuň alyp baran ugry nazara alnyp, olaryň her biriniň adynyň mahsus edara binalarynyň ýerleşýän köçelerine dakylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunda taryhy şahsyýetleriň bitiren hyzmatlary nazarda tutulmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň durmuş düzümine degişli meseleler babatda aýdyp, onda sanly ulgamyň, “akylly şäher” kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow köp sanly adamlaryň isleglerini nazarda tutup, Türkmenistanyň müftüsiniň merkeziň çäginde döwrebap metjidi gurmak babatda komitete teklip bilen ýüz tutandygy barada habar berdi.

Hajy Arkadagymyz häzirki döwürde türkmen halkynyň asylly däpleriniň dowam etdirilmeginde, hoşniýetli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda, ýagşy umyt-arzuwlaryň wysal bolmagynda döwrebap metjidiň bina edilmeginiň aýratyn ähmiýetli boljakdygyny aýtdy we merkeziň çäginde birbada 5,5 müň adamyň namaza durmagyna mümkinçilik berjek metjidi gurmak baradaky teklibi makullady.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen işleriň ähmiýetini nygtady hem-de bu wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Arkadagymyz ýolugra merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan kottejler toplumynyň ýanynda saklandy we iki gatly kottej jaýlaryň birinde döredilen amatlyklar bilen tanyşdy. 300 inedördül metr meýdany bolan jaýda döwrebap ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ýokary amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz esasy ýollaryň ugrundaky ýanýodalar bilen gyzyklandy. D.Orazow ýanýodalaryň gurluşygynda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagynyň ähmiýetini nygtap, gurulýan desgalaryň we binalaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmeginiň, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyna ýene-de bir gezek gurluşygyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Munuň özi geljekde gurluşykçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün eder.