Habarlar

 Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy
13 Ýan
Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy

    Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. 

    Žurnal hünärmenler köpçüligine niýetlenen bolsa-da, okyjylaryň has giň toparynyň ünsüni hem özüne çekýär. Salgyt salmak meselelerinde sowatlylyk – jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň bir bölegi bolup, onuň derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ykdysady işleriň täze görnüşleriniň we nusgalarynyň, maliýe gurallarynyň peýda bolmagynyň şertlerinde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. 

    Žurnalyň täze sany “Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty” atly syn-seljeriş makalasy bilen açylýar. Onda biziň ýurdumyzyň milli bähbitleriniň we wezipeleriniň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bilen özara baglanyşygy açylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly salgyt ýagdaýyny döretmek boýunça salgyt ulgamynyň wezipelerine garalýar. 

    Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän maliýe-ykdysady žurnal okyjylaryň giň toparyna, şol sanda daşary ýurtly okyjylara ýurdumyzyň salgyt ulgamynda täze üýtgetmeler barada habarly bolmaga, şeýle hem hukuk goldawyny almaga mümkinçilik döredýär.